Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-iň saýlama tapgyryny toparçada ikinji orunda tamamlady

18:1710.10.2022
0
20303

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň jemi boýunça çykyş edýän “A” toparçasynda ikinji orny eýeledi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.

Iordaniýanyň Zarka şäherinde merkezleşdirilen görnüşde geçirilen saýlama ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda Filippinleriň ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden ýetginjekler ýygyndymyz ikinji oýnunda siriýaly deň-duşlary bilen geçiren duşuşygyny 1:1 hasabynda deňlikde tamamlady. Özüniň üçünji oýnunda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan ýeňlen ýetginjekler ýygyndymyz soňky oýnunda ýer eýeleri bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, ýetginjekler ýygyndymyz geçiren duşuşyklarynda 5 utuk toplamagy başardy. Toparçalaýyn bäsleşigiň netijesi boýunça Iordaniýanyň hem-de Siruýanyň ýygyndylarynyň hem 5 utukdan toplandyklaryny bellemek gerek, ýöne goşmaça görkezijileriniň esasynda ýygyndy toparymyz garşydaşlaryny yzda galdyrdy.

Bu toparçada 12 utuk toplan Ýaponiýanyň ýetginjekler ýygyndysynyň birinji orny eýeländigini bellemek gerek.

Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparlaryň (U17) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyrynda saýlama ýaryşyndaky toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri bilen ikinji ýer alan ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň altysy çykyş etmäge mümkinçilik aldylar – Ýaponiýa, Malaýziýa, Katar, Saud Arabystany, Ýemen, Wýetnam, Awstraliýa, Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Koreýa Respublikasy, Hytaý, Owganystan, Hindistan, Taýland, Laos.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň