Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

21:4309.10.2022
0
17928

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, bu ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ähli dostlukly ermeni halkyna Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle-de iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Geçen aýda doglan güni mynasybetli türkmen döwletiniň Baştutanyna Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýandan hem-de bu ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýandan gutlag hatynyň gelip gowşandygyny, öz hatynda Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ermenistana sapar bilen çagyrýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň