Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow galam hakynyň serişdelerinden toý sadakasyny berdi

22:0707.10.2022
0
43843
Gurbanguly Berdimuhamedow galam hakynyň serişdelerinden toý sadakasyny berdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna, ol ýerde ýazan kitaplary üçin berlen galam haky serişdeleriniň hasabyna toý sadakasyny berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ilki bilen, bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsi we Ahal welaýatynyň ymamy bilen gürrüňdeş bolup, häzirki döwürde türkmen jemgyýetinde sogap işleriň amal edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi, şeýle-de anna gününde berilýän toý sadakasynyň yslam dünýäsiniň beýik şahsyýeti — Muhammet Pygamberiň doglan gününe gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny nygtady.

— Bu ýerde täze guruljak metjidiň kybla tarapynyň açyk bolmagy, Allanyň öýüniň gurluşygyna badalga berilmegi ýaly, bu ýerde amal boljak ýagşy işlere badalga berer — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Din wekilleri täze metjidiň gurulmagy mynasybetli anna güni toý sadakasynyň berilmeginiň ägirt uly başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigini bellediler hem-de ýurduň ýaşulularynyň, ähli din wekilleriniň adyndan, durmuşa geçirýän sogap işleri üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdiler. Soňra bolsa ähli asylly başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra bu ýerde ýörite gurnalan sadaka jaýynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda toý sadakasy boldy. Oňa ýygnananlara ýüzlenip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ähli ediljek doga-dilegler hasyl bolup dolansyn! Türkmen topragynda hemişe bagtyýarlyk, abadançylyk höküm sürsün!» diýip belledi.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi. Nahardan soň aýat-töwir edilip, berlen toý sadakasynyň kabul bolmagy, ähli ýagşy işleriň rowaç almagy Beýik Alladan dileg edildi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy berlen toý sadakasynyň, doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň