Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Minsk milli howa menzili «Belawiýanyň» Türkmenistana güýz aýlaryndaky uçuş tertibini çap etdi

11:0008.10.2022
0
35644

Minsk milli howa menzili resmi web sahypasynda «Belawiýa» awiakompaniýasynyň Minsk (Belarus) — Türkmenbaşy (Türkmenistan) — Minsk (Belarus) ugurlarynda boljak uçuş tertibini çap etdi.

Uçuşlar 25-nji oktýabrda başlar we hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar. 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan uçuşlar her iki hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar.

«B2745» uçary Minskden sagat 22:40-da uçup, ýerli wagt bilen 04:45-de Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonar. Yzyna uçýan «B2746» uçary 5:45-de bolup, Minskde wagt tapawudyna laýyklykda 08:05-de gonar.
Minskden Türkmenbaşa boljak iň ýakyn gatnaw 25-nji oktýabrda bolar we petegiň bahasy 296,70 dollardyr (tygşytly nyrh).
Uçuşlar Braziliýanyň «Embraer E195» uçarynda amala aşyrylar. Uçar 125 adam üçin niýetlenendir (biznes klasda 9, ekenom klasda 116 ýolagça niýetlenen orunlar).
«Belawiýanyň» uçuşlary üçin uçar peteklerini www.belavia.by web sahypasyndan, iPhone we Android goşundylaryndan, şeýle hem satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.
Ozal Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda «Belawiýa» awiakompaniýasynyň Türkmenistana uçuşlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýändigi barada habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň