Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

15:4806.10.2022
0
28121
Türkmenistanyň Prezidenti «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

Şu gün türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron görnüşinde habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýdular. Olara ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem goşuldylar.

Soňra «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny we söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, sadaka berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň