Soňky habarlar

Arhiw

HPG: ählumumy ykdysadyýet Ikinji jahan urşundan soňra iň kyn synagy başdan geçirýär

12:5005.10.2022
0
18110
HPG: ählumumy ykdysadyýet Ikinji jahan urşundan soňra iň kyn synagy başdan geçirýär
Surat: epravda.com.ua

Ählumumy ykdysadyýet häzirki wagtda Ikinji jahan urşundan bäri iň agyr synag bilen ýüzbe-ýüz galdy. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň başlygy Kristalina Georgiýewa beýanat berdi diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Gaznanyň başlygynyň sözlerine görä, dünýä ykdysadyýeti koronawirus pandemiýasynyň we häzirki döwrüň syýasy gapma-garşylyklarynyň agyr netijelerini başdan geçirýär. Ýurtlaryň köpüsi hümmetsizlenme, azyk harytlarynyň hem-de energiýanyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şunda, esasan, ilatyň has az üpjünçilikdäki gatlaklary kynçylyk çekýärler. Şol bir wagtda ýurtlaryň köpüsiniň hökümetleri döwlet bergileriniň ýokarlanmagy, dünýäde maliýe şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli öz raýatlaryna ýardam edip bilmeýärler.

Georgiýewa dünýäde syýasy we ykdysady toparlara bölünmek howpunyň artandygyny belledi, onuň pikiriçe, şeýle ýagdaý mundan hem agyr pese gaçyşlyga eltip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň