Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň gurak çöl ýagyndan soň güle bürendi

15:2004.10.2022
0
15440
Dünýäde iň gurak çöl ýagyndan soň güle bürendi
Surat: gazeta.ru

Dünýäniň iň gurak çöli bolan Atakamada ýagyş ýagyp, gül-pürçüge bürendi diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.

Çilide bu ýyl ýerli ölçeglere görä, iň ýagynly boldy. Ygalyň 80 millimetri düşdi, bu bolsa bäş-alty ýyldan bir gezek bolýar. Netijede, çäge depeleriniň arasynda ösümlikleriň 200 görnüşi peýda boldy, olar onlarça kilometre uzaýan alaňlary al-ýaşyl reňke boýady, tozap ýatan çöli indi synlamaga göz gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň