Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bellenildi

14:5403.10.2022
0
22209

Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli gününi we Türkmenistan bilen Patyşalygyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledi.

Sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň döredilenine we esaslandyryjy patyşa Abdul-Aziz Al Saud tarapyndan birleşdirilenine 92 ýyl boldy. Bu wakanyň hormatyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçihanasy Patyşalygyň Milli gün mynasybetli Dabaraly Kabul edişlik gurady.

Dabaranyň geçiriljek ýerinde Saud Arabystanynyň dürli sebitleri, geljekdäki taslamalary, şeýle hem «Expo» we «Vision 2030» sergileri barada gürrüň berýän surat sergisi guraldy. Mundan başga-da, Patyşalygyň dürli sebitlerinden getirilen Saud Arabystanynyň milli lybaslarynyň we senetleriniň bir burçy, şeýle hem Saud kofesine we hatdatlyk sungatyna bagyşlanan burçlar bar. Serginiň ähli burçlary baýramçylygyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurduň demirgazyk-günbatarynda adalarda we Gyzyl deňziň kenarlarynda gurulýan Patyşalygyň «Neom, Laýn we Gyzyl deňiz» geljekki şäherleri barada wideo görkezildi.

Dabara türkmen tarapyndan hormatly myhman hökmünde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew gatnaşdy.

Dabara diplomatik korpusyň agzalary - Türkmenistanda akkreditlenen halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, işewür adamlar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň birnäçe jemgyýetçilik işgärleri we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlugyna ünsi jemlediler.

Dabaranyň dowamynda myhmanlara Saud Arabystany-Türkmen diplomatik gatnaşyklary döredilen gününden bäri geçen ýoly hem-de ösüşi, şeýle hem soňky 30 ýylda iki ýurduň arasyndaky özara saparlar baradaky wideo görkezildi.

Dabaranyň ahyrynda Ilçi Patyşalygyň Milli güni mynasybetli ýygnananlaryň hemmesine ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň