Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmenistan her ýyl ykdysadyýete 17 milliard dollar maýa goýýar»

13:5203.10.2022
0
31726

Türkmenistan her ýyl ykdysadyýete, takmynan 17 milliard dollar maýa goýýar. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen Tokioda geçirilen duşuşykda aýtdy diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

— Türkmenistanyň ykdysadyýetine her ýyl goýulýan maýa goýumlar jemi içerki önümiň, takmynan, 35 — 40 göterimine deňdir. Bu bolsa 17 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Munuň umumy möçberiniň 15 göterime golaýy daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz ýagdaýlaryň bardygyna garamazdan, Türkmenistan durnukly ykdysady görkezijileri bilen tapawutlanyp gelýär.

— Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6 göterimden ýokary derejede saklanýar — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Fitch Ratings» halkara bahalandyryş agentligi 2021-nji ýylda Türkmenistana «B» derejedäki gysga möhletli bahany we «B+ durnukly» derejedäki uzak möhletli bahany bermeginiň ýöne ýere däldigini aýtdy.

Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary bilen bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň