Top.Mail.Ru

Arhiw

Şahbaz Şerif: «Pakistan TOPH taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarlydyr»

21:4501.10.2022
0
27513
Pakistan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarly. Bu barada Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri Şahbaz Şerifiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda beýan edildi.
«Pakistan gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarda, esasanam energiýa we aragatnaşyk pudagyndaky bilelikdäki taslamalarda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýär.
Biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna borçlanýarys.
Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hasam çuňlaşdyryp biljekdigimize ynanýaryn» diýlip, Şahbaz Şerifiň hatynda bellenilýär.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Uzynlygy 1814 kilometre barabar we ýylda 33 milliard kub metr kuwwatlylygy bolan TOPH gaz geçirijisi «Galkynyş» gaz käninden başlap, Ow­ga­nys­ta­nyň Hy­rat we Kan­da­gar şä­her­le­ri­niň, Pa­kis­ta­nyň Kwet­ta hem-de Mul­tan şä­her­le­ri­niň üs­tün­den ge­çer we Hin­dis­ta­nyň Fa­zil­ka di­ýen ilat­ly ýe­ri­ne ba­ryp ýe­ter.
Taslamanyň umumy bahasy 8 — 10 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň