Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlaryň önümçiligi ýola goýlar

23:4130.09.2022
0
24630
Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlaryň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna plas­tik önüm­le­ri­ ön­dü­ri­ji­le­riň işi­ne gol­daw ber­mek ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da po­lie­ti­len­den we po­lip­ro­pi­len­den önüm­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň on­lar­ça­sy he­re­ket ed­ýär. Önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy bi­len, iki­lenç çig mal hök­mün­de is­leg bil­di­ril­ýän po­li­mer­le­riň önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ry eme­le gel­ýär. Ýur­t­da ön­dü­ril­ýän plas­tik önüm­ler da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek­de we eks­por­tyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ugur­da­ky iş­le­ri gi­ňelt­mek hem-de ýer­li ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň çig mal bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni gol­da­mak mak­sa­dy bi­len, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ ha­sa­ba­ty diň­läp, se­na­gat pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ola­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, içer­ki, da­şar­ky ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de ola­ry çig mal bi­len do­ly üp­jün et­mek, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça baş­la­nan giň ge­rim­li iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň