Soňky habarlar

Arhiw

Tambow sebiti Türkmenistana şekeriň eksportyny artdyrar

00:1501.10.2022
0
27268
Tambow sebiti Türkmenistana şekeriň eksportyny artdyrar
Surat: Tamboinfo

Russiýa Federasiýasynyň Tambow sebitiniň oba hojalykçylary şu ýyl 4,2 million tonna gant şugundyryny ýygnamagy we şeker önümçiligini 10 göterim ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler diýip, sebitiň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şeker senagatynyň önümleri häzirki wagtda Türkmenistana, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edilýär. Ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine görä, sebitde 69 müň tonnadan gowrak şeker öndürildi. Bu bolsa geçen ýylkydan 2 esse ýokarydyr.

«Gant şugundyryndan ýokary hasyl alynmagy netijesinde, şeker önümçiligi hem artdyrylar. Şeýlelik bilen, diňe özümizi däl, beýleki sebitleri-de önümlerimiz bilen üpjün ederis. Şeýle hem hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarymyza eksportyň mukdaryny ep-esli artdyrarys» diýip, sebitiň ýolbaşçysy Maksim Ýegorow žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň