Soňky habarlar

Arhiw

«Rosnedr» edarasynyň başlygy Russiýanyň gaz gorlarynyň 62 ýyla ýetjekdigini habar berdi

16:0229.09.2022
0
21673
«Rosnedr» edarasynyň başlygy Russiýanyň gaz gorlarynyň 62 ýyla ýetjekdigini habar berdi
Surat: aa.com.tr

Russiýanyň gazylyp alynýan nebit gorlarynyň möçberi 39 ýyla, gazy bolsa 62 ýyla ýeter. Bu barada ýurduň «Rosnedr» edarasynyň başlygy Ýewgeniý Petrow «Rossiýskaýa gazeta» neşirine beren beýanatynda gürrüň berdi.

«Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, biziň tehnologiki gazyp alynýan nebit gorlarymyz 39 ýyla ýeter» diýip, Petrow belledi. Ol 2021-nji ýylyň aýagyndaky nyrhlaryň derejesinde satyp boljak nebitiň 33 ýyla ýetjekdigini aýdyňlaşdyrdy. «Rosnedr» edarasynyň ýolbaşçysy tebigy gazyň gorlarynyň bolsa 62 ýyla ýetjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň