Baş prokuror S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesi berildi

21:5928.09.2022
0
23305

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Oguz han köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.

Dabaraly çärede Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň