Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi

16:0827.09.2022
0
27286
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Kuweýtde geçirilýän Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi. El-Kuweýt şäherindäki «Saad Al Abdullah Hall» sport toplumynda geçirilen duşuşykda türkmen futzalçylarynyň garşydaşy Özbegistanyň ýygyndysy boldy.

Duşuşyk garşydaş ýygyndynyň 8:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Gollary 6-njy minutda D.Çoriýew, 13-nji we 22-nji minutlarda M.Odilow, 15-nji we 33-nji minutlarda I.Ropiýew, 30-njy minutda D.Rahmatow, 34-nji minutda Ş.Fahriddinow we 40-njy minutda A.Usmonow geçirdi.

Türkmenistanyň ýygyndysy Meretgeldi Baýramow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Maksat Soltanow, Allamyrat Gurbanow we Kadyr Berenow bäşligi bilen duşuşyga başlady.

Türkmen ýygyndysy toparçadaky ikinji duşuşygyny 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň