Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanly monah 10 ýyl bäri sag elini ýokary galdyryp ýaşaýar

16:0727.09.2022
0
17177

Hindistanly monah 10 ýyl bäri sag elini ýokary galdyryp ýaşaýar diýip, «Oddity Central» neşiri habar berýär.

Dindaryň aýtmagyna görä, ol muny induizmiň Taňrylarynyň birini hormatlap edýär.

Monaha Mahant Radheýpuri Juna Akhara diýýärler, ol durmuşdan ýüz öwrüp, başbitin dine uýdy. Mahant golaýda özüniň eýýäm 10 ýyl bäri induizm dininiň Taňrylarynyň biriniň hormatyna sag elini ýokary göterip ýaşaýandygyny habar bereli bäri, ýurtda giň meşhurlyga hem-de hormata eýe boldy.

Mahant sag elini duýmaýandygyny aýdýar, şonuň üçin ol ynjalyksyzlanma duýanok. Terkidünýä monah ilki 2 ýylyň özüne kyn düşendigini, hatda pikirinden dänmek hem isländigini, emma ruhuny belent tutup, başlan işini ahyryna çenli dowam etmek kararyna gelendigini gürrüň berýär.

Dindar hatda ukuda ýatyrka-da sag elini ýatyrmaýar. Ol habarçylara tä ömrüniň ahyryna çenli bu edähedinden ýüz öwürmekçi däldigini gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň