Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň çekiç zyňmak boýunça ýaryşlarynda türkmenistanly türgen Mergen Mämmedow altyn medal gazandy.
Şu gün geçirilen ýaryşda Mämmedow çekiji 69,10 metr uzaklyga zyňmagy başardy. Ikinji orny 67,63 metrlik netije bilen özbegistanly Suhrob Hojaýew, üçünji orny bolsa onuň watandaşy Aýubhan Faýozow (66,82 metr) eýeledi.
Mergen Mämmedow Türkmenistanyň milli rekordynyň hem eýesidir. Ol 2013-nji ýylyň iýun aýynda Almaty şäherinde geçirilen halkara ýaryşda çekiji 74,01 metr uzaklyga zyňyp, ýurduň heniz gaýtalanmadyk rekordyny goýdy.
Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.