Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbek gümrükçileri Digital TIR ulgamyny ornaşdyrmak tejribesini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşdylar

19:2625.09.2022
0
24683

Ýakynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň gümrük işgärleriniň arasynda ikitaraplaýyn onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda Özbegistanyň gümrük edaralarynda Digital TIR ulgamyny ornaşdyrmak tejribesine garaldy.

Onlaýn duşuşygyň maksady Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň Digital TIR taslamasyna goşulmak baradaky teklibini giňişleýin öwrenmekden ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Digital TIR taslamasy Özbegistanda 2021-nji ýylda güýje girdi. Onuň maksady TIR kitapçasyny ulanmak bilen halkara harytlary daşamak baradaky Gümrük konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda harytlaryň, ulag serişdeleriniň ýa-da konteýnerleriň halkara üstaşyr geçirilmegi üçin milli gümrük ulgamlarynyň arasynda maglumatlaryň ygtybarly alyş-çalşygyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Digital TIR synag taslamasy häzirlikçe Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Gyrgyzystanyň arasynda hereket edýär.

Türkmenistanda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak babatdaky ASYCUDA WORLD toplumlaýyn ulgamynyň, TIR-EPD programmasynyň, şeýle hem häzirki wagtda durmuşa geçirilmegi dowam edýän «Eksport-import amallary üçin ýeke-täk penjire» taslamasy ýaly möhüm üstünlikleri belläp, türkmen gümrükçileri Digital TIR-e gyzyklanma bildirdiler.

Çeşmäniň habaryna görä, duşuşykda türkmen-özbek barlag-gözegçilik nokatlarynyň işi we işlenip düzülýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taslamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň