Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Zenan kalby» ordenini gowşurmak baradaky Karara gol çekdi

16:2024.09.2022
0
60455
Türkmenistanyň Prezidenti «Zenan kalby» ordenini gowşurmak baradaky Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Degişli Karara laýyklykda, ýurduň aşaky raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogultäç Babaýewa;
  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işçisi Annaşeker Nurmämmedowa;
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary Ogulbibi Atamyradowa;
  • Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Täzegül Aýnazarowa;
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 22-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi Ogulboldy Bäşimowna Çopanowa;
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň mugallymy Orazsoltan Annanazarowa.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, orden bilen sylaglanan raýatlara bu baýrak Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işleri nazara alnyp gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň