Soňky habarlar

Arhiw

Lukman aýak üstünde garbanmagyň zyýany barada gürrüň berdi

11:0024.09.2022
0
19232
Lukman aýak üstünde garbanmagyň zyýany barada gürrüň berdi
Surat: businessman.ru

Eger ýöräp barylýarka gyssanmaç nämedir bir zat bilen garbanylsa, munuň iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň bozulmagyna we artykmaç agramlylyga eltmegi mümkin diýip, russiýaly berhiz lukmany Natalýa Gridina gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Aşgazanyň iýmit siňdiriş şiresini ýeterlik bolüp çykarmaga ýetişmezligi mümkin. Eger adam azyndan ýigrimi gezek çeýnemän iýmiti ýuwutsa, ol aşgazanda uzak saklanyp, nemli bardasyna zeper ýetirip biler. Bu netijede gastrite (aşgazanyň nemli bardasynyň çişmesi) getirer» diýip, lukman gürrüň berdi.

Şonuň üçin berhiz lukmany gaty iýmiti azyndan 20 gezek çeýnemegi maslahat berdi, bu aşgazan-içege ulgamynyň dogry işlemegine ýardam eder we uzak geljekde saglyk bilen bagly meseleleriň döremezligine mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň