Soňky habarlar

Arhiw

Ene-atasy bilen telewizora tomaşa etmek çaganyň ösüşi üçin peýdaly

17:3823.09.2022
0
25602
Ene-atasy bilen telewizora tomaşa etmek çaganyň ösüşi üçin peýdaly
Surat: gazeta.ru

Ene-atasy bilen bilelikde telewizora tomaşa etmek çaganyň kognitiw ukyplaryny gowulandyrýar. Fransiýanyň Portsmut we Pariž-Nanterr uniwersitetleriniň alymlary şeýle netijä geldiler. Bu ugurda geçirilen ylmy-barlaglaryň netijeleri «Frontiers in Psychology» žurnalynda çap edildi.

Alymlar telewizora tomaşa etmek boýunça barlaglaryň 478-sini seljerdiler. Olar çagaka telewizora seretmegiň adamyň sözleýşiniň ösüşine hem-de ýerine ýetirijilik ukyplaryna zeper ýetirip biljekdigini görkezdi.

«Biziň barlaglarymyz çaganyň nämä tomaşa edýändigine üns bermegiň gerekdigini görkezdi. Ýaramaz beýan ediş, çalt depginde gürrüň bermek çaganyň habary umumylaşdyrmagyny kynlaşdyryp biler. Emma ekrandaky kontent çaganyň ýaşyna laýyk gelende bolsa, çaga oňyn täsir edip biler» diýip, alymlar belleýärler.

Galyberse-de, eger ýanynda uly ýaşly adam bolsa, telewizora tomaşa etmek çaga üçin peýdaly bolar, ol düşünmeýän zatlaryny ululardan sorap anyklap biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň