Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

13:4023.09.2022
0
39511

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutany gutlag hatynda hatynda: «Biz Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerine ýürekden begenýäris we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys» diýip belläp geçýär. Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, dürli ugurlar boýunça ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ermenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň