Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti halkara Hazar lukmançylyk forumyna gatnaşýar

19:2622.09.2022
0
40689
Türkmen wekiliýeti halkara Hazar lukmançylyk forumyna gatnaşýar
Surat: astr24

21-nji sentýabrda Astrahandaky Opera we balet teatrynda halkara Hazar lukmançylyk forumy öz işine başlady. Ol Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň, Astrahan sebitiniň gubernatorynyň we Saglygy goraýyş ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň Federal lukmançylyk we biologiýa gullugynyň (FMBA), Russiýa Federasiýasynyň FMBA-nyň Otorinolaringologiýa ylmy we kliniki merkeziniň, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Merkezi döwlet lukmançylyk akademiýasynyň goldamagynda geçirilýär.

Resmi rus elektron neşirleriniň habar bermegine görä, bu çärä lukmanlar, döwlet lukmançylyk uniwersitetleriniň mugallymlary, şypahanalaryň wekilleri, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we laboratoriýa abzallaryny öndürijiler, Hazar sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar.

Forumyň maksatnamasynda tegelek stollar, simpoziumlar we lukmançylygyň esasy ugurlary boýunça leksiýalar göz öňünde tutuldy. Bu çärelerde saglygy goraýyş ulgamynda, innowasion tehnologiýalary amaly lukmançylyga, derman önümçiligine we saglygy goraýyş edaralaryna ornaşdyrmak babatda gazanylan üstünlikler görkeziler. Forum lukmanlar üçin tejribe alyşmak, döwrebap derman serişdeleridir lukmançylyk enjamlary bilen tanyşmak üçin amatly meýdança öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň