Soňky habarlar

Arhiw

Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

14:1822.09.2022
0
36407
Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşlikde Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady. Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek bilen bagly sowallar boýunça hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň