Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi hat ýollap, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Dostlukly döwletiň Baştutany öz hatynda soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini, iki ýurduň resmi wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň hem-de bilelikdäki mejlisleriň geçirilmeginiň iki halkyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigine ynanýandygyny belleýär.
«Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin» diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi gutlag hatynda belleýär.