Turkmenportal logo
22.09.22
1645216452
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady
Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutladySurat: president.kg

Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Onda şeýle setirler bar:


— Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!


Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gyrgyz-tükmen hyzmatdaşlygy dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.
Siziň bilen bilelikde umumy ruhy gymmatlyklara we dostluga, şeýle hem strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge taýýardygymy beýan edýärin.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.