Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady

09:0922.09.2022
0
19814

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan mynasybetli gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Onda şeýle diýilýär:

— Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde hytaý-türkmen gatnaşyklary ýokary ösüş depginine eýe boldy, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk täze derejä çykaryldy. Şu ýylyň mart aýynda Siziň bilen telefon söhbetdeşligini geçirdik. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly möçberli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdyk hem-de möhüm ylalaşyklary gazandyk.

Siziň Baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.

Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ähli ulgamlarda yzygiderli hyzmatdaşlygyň täze netijelerini gazanmak üçin Siziň bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň