Müsürli ekologlar plastik galyndylardan piramida gurdular

15:4921.09.2022
0
15898
Müsürli ekologlar plastik galyndylardan piramida gurdular
Surat: 24.kz

Müsüriň Giza şäherinde ýerli işjeň-ekologlar ýurduň Nil derýasyndan toplanan plastik galyndylardan äpet piramida gurdular. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Olar şeýle etmek bilen, derýanyň suwunyň hapalanmagyna üns çekmekçi bolýarlar. Meseläniň ýitidigini görkezmek üçin gurnama derýanyň kenarynda dikildi. Ol 400 müň plastik çüýşeden ybaratdyr we 7,5 tonna agramy bar. Nili arassalamaga meýletinçiler gatnaşdylar. Bu işe ýerli barlykçylary hem çekmek isleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň