Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Köpetdag» myhmançylykda «Nebitçiden» üstün çykdy

23:4017.09.2022
0
12745

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Köpetdag» myhmançylykda «Nebitçiden» üstün çykdy. Duşuşyk Aşgabadyň toparynyň 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini Yhlas Saparmämmedow (9, 90+3) geçirdi. Beýleki gollary bolsa Ýazgylyç Gurbanow (17) bilen Şamämmet Hydyrow (82) öz adyna ýazdyrdy. Balkanabat şäherine wekilçilik edýän topardan Serdar Tukyýew (49, 11 m.j.u.) bilen Myratdurdy Baýramow (59) tapawutlandy.

Bassyr dördünji ýeňşini gazanan «Köpetdag» 18 utuk toplap, dördünji basgançakdaky ýerini gorady. 10 duşuşykda 3 utuk toplap bilen «Nebitçi» bolsa iň soňky orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň