Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 4 welaýatynda döwrebap ýolagçy awtomenzilleri açylar

22:1317.09.2022
0
27913

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurduň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gurlan, döwrebap ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze awtomenzillerde ýolagçylara şäher, şäherýaka we şäherara awtobus ugurlary boýunça ýokary hilli hem-de medeniýetli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ähli mümkinçilikler döredildi. Has takygy, bu döwrebap ýolagçy awtomenzillerinde awtobuslara JPS ulgamy arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol hatlaryny elektron görnüşinde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn petek satmaga, olaryň awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmagyna mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem olarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ýokary derejeli şertler üpjün edildi.

Agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna täze awtomenzilleriň açylyp ulanmaga berilmegi bilen baglylykda taýýarlanylan degişli meýilnamanyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň halkyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýändigini, şeýle-de halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

«Degişli düzümleýin desgalaryň ulanmaga berilmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir» diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasy bilen baglylykda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň