Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Roza Gül» dükanlar zynjyry islendik ululykdaky durmuş toýlarynda gül bezegi hyzmatyny ýerine ýetirýär

09:5717.09.2022
0
28639

«Roza Gülüň» gülçülerden ybarat döredijilik topary durmuş toýy dabaralarynda gül bezegi boýunça taslamalary döretmek we durmuşa geçirmek hyzmatyny hödürleýär.

Aşgabatdaky «Roza Gül» dükanlar zynjyrynda gelin üçin çemen, öýlenýän ýigit üçin döşe dakylýan gül, şeýle-de myhmanlaryň stollary, dabara zaly, surata düşülýän meýdança we ýaş çatynjalaryň toý münberi üçin gül bezegleri döredilýär.

«Durmuş toýy – her bir jübüt üçin aýartyn mana eýe gün. Şonuň üçin hem dabaranyň gaýtalanmajak we hatda ertekileri ýada salýan ruhuny döretmek örän wajypdyr.
Toý gülçüsiniň işiniň iň inçe detallara çenli üns bermegi talap edýän hakyky sungatdygyny bellemek gerek», –«Roza Gülde» gürrüň berdiler.

Durmuş toýy dabarasynda bezeg işleri boýunça «Roza Gül» dükanlarynda müşderilere aşakdakylar teklip edilýär:

  • Özbaşdak maslahat we döredijilikli çemeleşme.
  • Diňe siziň durmuş toýuňyz üçin bezeg işleri boýunça özboluşly taslamanyň işlenip düzülmegi.
  • Ter güller.
  • Gyssagly sargytlaryň ýerine ýetirilmegi.
  • Sargyt edijiniň býudjeti boýunça bezeg işleriniň geçirilmegi.

Habarlaşmak üçin:

  • Azady köç., 83-nji jaý, telefon: (+993 12) 92 47 82, (+993 63) 01 01 06;
  • Magtymguly köç., 185-nji jaý, telefon: (+993 12) 34 35 55;
  • Görogly köç., («Syýahat» myhmanhanasy), telefon: (+993 12) 34 44 33, (+993 63) 01 01 06;
  • Azady köç., 85-nji jaý, telefon: (+993 12) 93 27 42 (otag we köçe gülleri).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň