Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi

20:4316.09.2022
0
20250

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitinde hormatly myhman hökmünde çykyş edip, çykyşynyň barşynda: «Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr» diýip belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň pikiriçe, munuň üçin diňe bir mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.

— Ýurtlarymyzdaky kuwwatly serişde we önümçilik binýatlary, çäk taýdan goňşuçylyk, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi häzirki günde ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda uzak möhletleýin durnukly gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň harytlaryň hem-de hyzmatlaryň yklymara we sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmak üçin ŞHG-niň bähbitlerine öz çäklerini we infrastrukturalaryny peýdalanmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy. «Şunda türkmen kenarynda — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň bardygyna görä, Hazar ugruna uly orun degişlidir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany: «Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini we logistik ulgamy döretmäge ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynanýarys» diýip, sözüni dowam etdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany wezipesine girişenden soňra ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň