Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Samarkant sammitinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu gurama agza ýurtlary Türkmenistanyň BMG-de öňe sürýän, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamaga çagyrdy.
Döwlet Baştutany türkmen tarapynyň halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogy filosofiýasyny ilerledip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp düzmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Şeýle resminamanyň kabul edilmegi bilen, BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň, nähili çylşyrymly görünýändigine garamazdan, dartgynly ýagdaýlary gepleşikler arkaly, parahatçylykly ýollar bilen çözmäge pugta ygrarlylygynyň tassyklanyljakdygyna ynanýarys» diýdi.
Türkmen Lideriniň pikiriçe, häzirki wagtda hormat goýmaga esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň medeniýetiniň täzeden dikeldilmegi ol ýa-da beýleki meselelere garalanda, özara düşünişmek we bähbitleriň deňeçerligini berjaý etmek üçin mümkinçilikleri gözlemegiň, jogapkärli, gapma-garşylyksyz çemeleşmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar. «Şundan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hem dördüsiniň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek isleýändigini we degişli resminamada soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynyň yglan edilmegini beýan etmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
«Bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanyljakdygyna bil baglaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady.