Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Russiýanyň 190 kärhanasy işleýär

15:0815.09.2022
0
35755

Russiýa diňe bir energiýa pudagynda däl, eýsem, beýleki ugurlarda-da Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär. «Kremlin.ru» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ŞHG-nyň Samarkantdaky sammitiniň çäginde türkmen döwletiniň Baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda bu barada aýtdy.

Rus Lideri «Şübhesiz, biziň gatnaşyklarymyzda energiýa aýratyn orun eýeleýär» diýdi. Russiýa oba hojalyk, dokma senagaty pudaklary boýunça-da türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Duşuşykda Prezident Wladimir Putiniň belleýşi ýaly häzirki wagtda Türkmenistanda Russiýanyň 190 kärhanasy işleýär.

«Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu muňa zerur şertleri döredendigi üçin sag bolsun aýdýaryn» diýip, rus lideri türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň