Top.Mail.Ru

Aziýanyň ösüş banky türkmen telekeçilerine goldaw berer

11:2715.09.2022
0
26435

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada bankyň Türkmenistan boýunça müdiri Artur Andrysýakyň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, AÖB Türkmenistanyň köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşy bolup, ýurduň mundan beýläk-de ösmegi üçin hemmetaraplaýyn ýadam berer. Bu bank häzirki wagtda Türkmenistanyň energetika, ulag we saglygy goraýyş pudaklarynda, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrundaky tagallalaryny goldamak üçin birnäçe işleri alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň