Türkiýe Türkmenistan bilen wiza tertibini ýola goýdy, Daşoguzda pagta ýygymyza girişildi, Türkmenistan BMG-niň Komitetine hödürlemek üçin maýyplaryň hukuklary boýunça hasabat taýýarlaýar

11:1015.09.2022
0
36081

1. Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wizasyz ýurda girmek mümkinçiligini aradan aýyrdy. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan degişli Karara gol çekdi.

2. Türkmenistanda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektar ýerden 275 müň tonna «ak altyn» hasylyny almak maksat edinilýär.

3. Türkmenistan we BMG-niň Ösüş maksatnamasy BMG-niň Komitetine hödürlemek üçin maýyplaryň hukuklary boýunça Birleşen milli döwürleýin hasabaty taýýarlaýarlar. Bu resminamanyň maksady käbir wajyp ugurlardaky häzirki wezipeler we özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça taslamalar barada maglumat bermekden ybaratdyr.

4. Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaş suratkeşleriň sergisi açyldy. Bu ýerde nakgaş, heýkeltaraşlyk we keramika eserleri ýerleşdirildi. Çeper eserlerde taryhy wakalar, milli öwüşginler, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda amala aşyrylan şähergurluşyk taslamalary we iri özgertmeler şöhlelenýär.

5. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrleri saglyk we abadançylyk boýunça «Ýol kartasyny» kabul etdiler. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlaryna saglygy goraýyş ulgamynda umumy maksatlara ýetmek üçin milli derejede tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik berer.

6. Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda bardy. ŞHG-niň sammitine on bäş döwletiň, şol sanda Hytaýyň, Gazagystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň Baştutanlary gatnaşýarlar.

7. «Netflix» ýaýlymyndaky «Täç» atly köpbölümli filmiň britan tomaşaçylarynyň sany 9-11-nji sentýabr aralygynda geçen hepde bilen deňeşdirilende, 800% artdy. Onuň görlüşiniň möçberi ABŞ-de 4 esseden gowrak, Fransiýada bolsa 3 esse artdy.

8. «Google» NASA bilen birlikde täze web-platformany tanyşdyrdy, onda biziň Gün ulgamymyzy takyk öwrenmek mümkindir. Üsti ýetirilen reallyk tehnologiýasy arkaly ulanyjylarda asman jisimlerini ähli taraplaryndan synlamak mümkinçiligi döredi.

9. Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy dostluk duşuşygynda «Baku Faýr» toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirildi. Oýnuň ýeke-täk goluna Gylyçmyrat Gylyçmyradow adyny ýazdyrdy. Türkmenistanyň ýygyndysy 27-nji sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli aralykda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy – 2022-ä taýýarlyk görmegini dowam edýär.

10. «Ahal» «Altyn asyry» ýeňmek bilen, Türkmenistanyň çempionatynyň sanawyndaky aratapawudy 7 utuga çenli artdyrdy. Duşuşyk Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda geçirildi we ahally toparyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň