Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

18:1314.09.2022
0
20989

Şu gün Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurduň Ahal, Balkan Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda girişilipdi.

Şu ýyl Daşoguz welaýaty boýunça 140 müň gektar meýdana pagta ekilip, 275 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirildi. Möwsüm döwründe pagta ýygýan kombaýnlaryň 205-siniň güýjünden peýdalanylar. Munuň üçin 50 müň gektar meýdanda gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul ediler. Welaýat boýunça ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 1646-sy işlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň