Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

19:4507.09.2022
0
14535

Şu gün Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasi» bilen, ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurduň Ahal welaýatynyň pagtaçylary şu ýyl 135 müň gektarda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna ýokary hilli «ak altynyň» 280 müň tonnasyny goşmagy maksat edinýärler. Möwsümde welaýat boýunça ýokary öndürijilikli kuwwatly kombaýnlaryň 363-si bökdençsiz işlediler. Hasyly pagta arassalaýjy kärhanalara daşamakda dürli kysymly ulaglaryň jemi 2 müňe golaýy ulanylar. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň 8-si, pagta kabul ediş harmanhanalaryň 19-sy ýetişdirilen hasyly degişli talaplara laýyklykda kabul eder.

Balkan welaýatynda şu möwsümde 10 müň tonna «ak altyn» taýýarlamak maksat edinilýär. Lebaply pagtaçylar şu ýyl 130 müň gektar meýdandan pagtanyň 320 müň tonnasyny ýygnap almagy göz öňünde tutýarlar. Möwsümde atyzlara 308 sany kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlary çykarmak meýilleşdirilýär. Olaryň 218-si «John Deere 9970», galanlary bolsa «MX-1,8» kysymly kombaýnlardyr. Pagta arassalaýjy zawodlaryň 11-sinde lebaply daýhanlaryň ýetişdiren hasyly gaýtadan işleniler.

Mary welaýatynda bolsa şu ýyl 165 müň gektar ýerden pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almakda kombaýnlaryň 467-si öndürijilikli işlediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, sebitiň toprak-howa şertleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 14-nji sentýabrda girişiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýyl tutuş ýurt boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýetişdirilen hasyly daşamak üçin dürli ulaglaryň 7800-si ulanylar, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy hem-de pagta kabul ediş harmanhanalaryň 158-si hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň