Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýdan ugran ýük kerweni Türkmenistanyň çäginden geçip Eýrana bardy

20:5813.09.2022
0
15297
Hytaýdan ugran ýük kerweni Türkmenistanyň çäginden geçip Eýrana bardy
Surat: TULM

Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen we eksporta iberilen awtoulag şaýlary ýüklenen her biri 40 fut agrama eýe bolan konteýnerleriň 50-si Hytaýyň Jingan demirgazygyk-gündogar stansiýasyndan ýola düşüpdi. Konteýner kerweniniň ýüklerini Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçirip, Eýranyň Jolfa bekedine eltmek göz öňünde tutulypdy. 30-njy awgustda ugran ýük kerweni 11-nji sentýabrda serhetýaka demir ýol bekedinden Türkmenistanyň çägine aralaşyp, soňra Etrek demir ýol stansiýasyna getirildi. Ol ýerde bolsa «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guramagynda 12-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Inçeburun demir ýol bekedine gowşuryldy. Häzirki wagtda konteýner kerweni otluda özüniň ahyrky nokady bolan Eýranyň Jolfa demir ýol stansiýasyna tarap ýoluny dowam edýär.

Ýeri gelende bellesek, bu konteýnerleriň Türkmenistanyň çäginden üstünlikli üstaşyr geçirilmegini gazanmakda Etrek terminalynyň operatory bolup çykyş edýän «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň uly goşandynyň bardyr. Bu paýdarlar jemgyýeti häzirki wagtda Etrek demir ýol stansiýasynyň, Sarahs demir ýol bekediniň hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri arkaly ýükleri Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmek, şeýle-de beýleki eksport-import amallaryny ýokary derejede ýerine ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň