Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny Iordaniýanyň ýygyndysy bilen geçirer

12:0612.09.2022
0
30008
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny Iordaniýanyň ýygyndysy bilen geçirer

Said Seýidowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň çägindäki ikinji duşuşygyny geçirer. Saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýada geçirilýändigini ýatladýarys ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Ikinji tapgyryň çäginde türkmenistanly futbolçylar Iordaniýanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň garşysyna meýdana çykar. 12-nji sentýabrda Amman şäheriniň «Petra» stadionynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanar.

Bu duşuşygyň bir gün öňüsyrasy ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Geçirilen türgenleşige ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň hemmesiniň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygyny Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirendigini ýatladýarys. Amman şäheriniň «Petra» stadionynda geçirilen duşuşyk 7:0 hasabynda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanypdy.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş edýär. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary boldular. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň