Türkmenistanda Owganystanyň demirýol işgärlerini taýýarlamak, olary okatmak meseleleri maslahatlaşylýar.
Bu barada Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň demirýol administrasiýasynyň müdiri Molla Baghtur Rahman Şaraf bilen duşuşygynda aýtdy.
Duşuşykda demir ýol pudagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Eadaily» saýtynda habar berildi.
Ilçi Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga taýýardygyny ynandyrdy. Habarda bellenilişi ýaly, owgan işgärleri Türkmenistanda dört aýyň dowamynda bilim alar.