Türkmen eminleri Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyry üçin çakylyk aldylar

14:0007.09.2022
0
13595

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň naýbaşy eminler toparynyň hataryna girýän türkmenistanly eminler topary Aziýa Kubogy-2023-iň Bahreýnde geçiriljek saýlama tapgyrynda eminlik etmäge çakylyk aldylar.

FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow, FIFA-nyň kömekçi eminleri Ahmet Begnazarow hem-de Pälwan Pälwanow Aziýa Kubogy-2023-iň (U20) saýlama tapgyrynyň «B» toparçasynda geçiriljek duşuşyklarda eminlik ederler. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

10 — 18-nji sentýabr aralygynda dowam etjek saýlama tapgyrynyň duşuşyklary Bahreýniň Arad şäherinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, bu toparçada Kataryň, Bahreýniň, Bangladeşiň, Nepalyň hem-de Butanyň ýaşlar ýygyndylary duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň