Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 60 kilomtr aralyga atly ýöriş geçirildi

17:3223.04.2015
0
1255

22-nji aprelde gözel Gökdere jülgesiniň golaýynda, dag eteginde her ýyl geçirilýän uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Atçylyk sportunyň milli merkezi tarapyndan guralan ýaryş Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlandy.

Uzak aralyga geçirilen ýörişe ahalteke bedewleriniň 33-si — Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Goranmak we Içeri işler ministrlikleriniň, Balkan, Mary welaýatlarynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. Ýaryşyň geçirilen aralygy 60 kilomtre deň bolup, onuň aralyk pellehanasy ýaryş ýolunyň deň ortasynda bellenildi.

Atlar bellenilen aralygy geçmegiň barşynda iki gezek — ýoluň ortasynda we pellehanada lukmançylyk gözegçiliginden (temperatura, ýüregiň urşy we dem alyş) geçirildi.

Köp sanly tomaşaçylar, şol sanda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII Halkara ylmy maslahata we Halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar üçin belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Ýaryşa gatnaşan bedewler barada aýdylanda bolsa, olaryň iri halkara ýaryşlara we çapyşyklara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanan dünýä belli türkmen bedewleriniň neberesinden bolup durýandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda gara dor Peýkam, gara reňkli Şahmerdan, dor reňkli Gökhan, mele reňkli Pyýada we sport zehinleri türkmen bedewleriniň häzirki nesline geçen beýleki atlar bar.

Indi atly ýaryşyň baş emini — Urugwaýdan gelen Guillermo Lokhardyň ýolbaşçylygyndaky eminler toparyna ýaryşyň ýeňijisini we baýrakly orunlary eýelän atlary kesgitlemek galýar. Ýaryşyň jemleri aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde — milli baýramçylyk güni yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň