Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň gadymy haýwanat baglarynyň biri ýapyldy

09:2905.09.2022
0
7161
Dünýäniň iň gadymy haýwanat baglarynyň biri ýapyldy
Surat: iz.ru

Angliýada dünýäde iň «gojaman» haýwanat baglarynyň biri bolan Bristol 186 ýyldan soňra işini bes etdi diýip, «Izwestiýa» habar berdi.

Haýwanat bagynyň ýapylmagyna koronawirus pandemiýasy zerarly girizilen çäklendirmelerden soňra maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligi sebäp boldy, netijede, haýwanat bagynyň eýesi bolan «Bristolyň zoologiýa jemgyýeti» haýyr-sanawat guramasy bagyň ýerleşýän çägini satmak kararyna geldi.

Haýwanat bagy 1836-njy ýyldan bäri işläp gelýärdi, oňa häzirki wagta çenli 90 million çemesi adam baryp gördi. Bagyň tebigaty goramak boýunça maksatnamalary birgiden görnüşleri ýitip ýok bolmakdan halas etdi.

Indi bagda saklanýan haýwanlar jemgyýetiň Wild Place («Ýabany ýer») diýlip at berlen täze taslamasynyň ýola goýuljak ýerine göçüriler.

Geçen şenbede onlarça adamlar wiktorian eýýamynyň haýwanat bagyna ýapylmazyndan öň iň soňky gezek baryp görmek üçin nobata durdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň