«Ingco» Standart önüm tapgyrynyň hojalyk iş gurallaryny alyjylara hödürleýär

12:0203.09.2022
0
28076

Hytaýyň «Ingco» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dükany Standart haryt nyşanly önüm tapgyrynyň gurallarynyň we gurluşykda hem-de öý abatlaýyş işlerinde giňden peýdalanylýan zerur enjamlaryň dürli hili görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

Bu önüm tapgyrynyň gurallary öý-hojalyk işlerinde, şeýle-de orta derejeli öý abatlaýyş işlerinde we şu hili beýleki möhüm bejeriş işlerinde peýdalanmaga niýetlenendir. Olar has uly önümçilik işlerinde ulanmak üçin maslahat berilmeýär.

Bu ýerde alyjylaryň dykgatyna dreller, şrup towlaýjylar, perforatorlar, byçgylar, dürli diametrdäki swerlolar, berkidiji bölekler, agaç we metal bilen işlemek üçin gurallar, reňk berijiler, otwýortka toplumlary, bolt açarlary, şeýle-de iş lybaslary ýaly has çylşyrymly bolmadyk bejeriş hem-de abatlaýyş işlerinde ulanylýan zerurlyklar ýetirilýär.

«Ingco» brendiniň önümleri berk hem-de ygtybarly hiline laýyk gelýän amatly bahalaryna görä dünýäniň 180-den gowrak ýurdunda uly isleg bilen satyn alynýar. «Ingco» haryt nyşanly önümler — tejribeli gurluşykçylaryň, santehnik hünärmenleriň, abatlaýyş işlerini alyp barýan ussalaryň, şeýle-de neçjarlaryň işjeň ulanýan gurallarydyr.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Peýkam» söwda merkezi;
  • Telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44, (+993 62) 32 44 33;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň