Russiýaly kinoçylaryň kosmosda surata düşüren «Garşylyk» atly ilkinji çeper filminiň kinoteatrlara çykjak döwri belli boldy, bu barada ýurduň «Birinji ýaýlymynyň» baş direktory Konstantin Ernst beýanat berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Baş keşpde rus aktrisasy Ýuliýa Peresildiň surata düşen täze filmi 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde — Kosmonawtlar güni ekranlara goýberiler.
Režissýor Klim Şipenko tarapyndan surata alnan kosmos dramasyna ilki 905 million we soňra «Baýkonur» kosmodromyndaky görnüşleri surata almak üçin 250 million rubl sarp edildi.
2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda taryhda ilkinji kosmosdaky çeper filmi surata düşürmek üçin «Soýuz MS-19» gämisinde aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko kosmonawt Anton Şkaplerowyň ýolbaşçylygynda Halkara kosmos stansiýasyna uçdular.