Turkmenportal logo
02.09.22
2692526925
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Prostokwaşino» multfilmine 1 milliard adam tomaşa etdi
«Prostokwaşino» multfilmine 1 milliard adam tomaşa etdiSurat: vm.ru

YouTube-ýaýlymynda rus animatorlarynyň döreden täze «Prostokwaşino» multfilminiň ähli bölümlerine tomaşa edenleriň sany 1 milliarddan hem agdy. Bu barada TASS habarlar gullugy ýurduň «Soýuzmultfilm» studiýasyna salgylanyp habar berdi.


Ady agzalan internet platformada animasion serialyň 60 bölümi ýerleşdirildi we oňa 1 millard gezek tomaşa edilipdir. «Multfilmiň täze, dördünji möwsüminiň ilkinji görkezilişi 1-nji sentýabrda Okko onlaýn-kinoteatrynda boldy. Täze bölümlere «Karusel» we «Mult» teleýaýlymlarynda hem tomaşa edip bolýar» diýlip, habarda aýdylýar.


«Prostokwaşino» — bu «Prostokawşinoly üçler» atly meşhur sowet multfilminiň dowamydyr. Asyl nusgadan tapawutlylykda, täze serialdaky wakalar biziň günlerimizde bolup geçýär. Taslamanyň birinji möwsüminiň ilkinji görkezilişi 2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde boldy. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.