Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy BAE okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdi

12:2202.09.2022
0
30393

Futbol boýunça Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-niň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 3-7-nji sentýabr aralygynda dowam edip, ýaşlar ýygyndymyz onuň çäginde halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Said Seýidowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar ýygyndymyzyň düzümine saýlama tapgyryna gatnaşmagy üçin ýerli çempionatymyzda çykyş edýän toparlarymyzyň hem-de ýaşlar toparlarymyzyň oýunçylarynyň 23-siniň çagyrylandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň