Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Türkmen-türk mekdebinde geçirilen çärä gatnaşdy

20:0201.09.2022
0
25283
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Türkmen-türk mekdebinde geçirilen çärä gatnaşdy
Surat: Anadulo agency

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli ýurduň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Şeýle dabara Aşgabat şäherindäki bilelikdäki Türkmen-türk mekdebinde hem geçirildi. Bu çärä Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral, bilim geňeşçisi Mustafa Kirazogly, mugallymlar, ene-atalar we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresinde iki ýurduň döwlet senalary ýerine ýetirildi. Soňra Türkiýäniň ilçisi çykyş edip, ähli okuwçylary täze okuw ýylynyň başlamagy bilen gutlady.

Ilçi: «Bu okuw jaýynyň okuwçylary iki ýurduň umumy taryhyny, medeniýetini we gymmatlyklaryny gorap saklamaga şahsy goşant goşýarlar. Türkiýe we Türkmenistan bu mekdebe uly ähmiýet berýär» diýip belledi.

Ilçiniň sözlerine görä, Türkmen-türk mekdebi iki ýurduň doganlygynyň aýdyň mysalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň