Türkmenistanyň we Kipriň Russiýadaky ilçileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

13:2501.09.2022
0
16715
Türkmenistanyň we Kipriň Russiýadaky ilçileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Surat: www.russia.tmembassy.gov.tm

Duşenbe güni Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew Kipriň Moskwadaky ilçisi Kipros Ýorgallis bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň resmi web sahypasy habar berdi.

Dostlukly we özara düşünişmek ruhunda geçirilen duşuşykda taraplar halkara, sebitleýin we ikitaraplaýyn häsiýetli özara gyzyklanma döredýän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de depginli ýagdaýda ösýän Türkmenistan bilen Kipriň arasyndaky gatnaşyklar barada aýratyn nygtaldy.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Kipr özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary alyp barýarlar we abraýly halkara guramalarynyň, esasanam, BMG-nyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Kipriň arasyndaky özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 2007-nji ýylyň 13-nji noýabrynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň